Argentinanyň Kordoba welaýatynyň ýerli häkimiýeti tarapyndan özüňi alyp
barmagyň düzgünlerini bozanlara jerime mukdaryny has-da ýokarlandyrmagy
isleýär. Gubernator Huan Skiaretti bu täze “adatdan daşary sanksiýalar režimini”
makullamagyň tarapyndadygyny aýtdy.
Ýurduň resmi wekiliýeti karantine boýun egmediklere we jemgyýetçilik
ýerlerinde nikap dakmadyk raýatlar üçin jerimeleriň sanyny rekord derejä – 500
müň peso ( takmynan 7 müň dollar ) mukdarda ýokarlandyrdy.
Munuň ýaly puluň öwezine hökümet adamlary maksimal derejede öýde
saklamaga çalyşýar. Pandemiýanyň mälim bir tapgyrynda hökümet dürli ýerlerde
ýerleşen bir sany maşgala agzalaryna bilelikde ýygnanşyklary geçirmäge rugsat
berdi. Ýöne ýygnanşyklaryň sany bir wagtyň özünde 10 adamdan geçmezligi
gerek.
Köpçülik bu talaba gaty bir üns bermedi we netijede iýun aýynda Kordobada
koronawirusyň iki sany ojagy tapyldy.
Argentinada koronawirus sebäpli jerimeler artýar
