Üstünlige ýetmekde sportçynyň iýmitlenmek düzgüni möhüm rol oýnaýar. Brýus
Li ideal bedene eýedi. Myşsalarynda we deri astynda ýekeje damja hem ýag ýokdy.
Hytaý söweş sungatynyň beýik ussady agyr maşklar we berk naharlanmak düzgünleri,
iýmitlenmegiň meýilnamalaşdyrylmagy arkaly bu netijä ýetdi. Wagtyň geçmegi bilen Li
hytaý tagamlary we Bodibilding žurnallaryndan retseptleri tejribe hökmünde taýýarlap,
özüniň iýmitlenmek kadalaryny döretdi.
Siziň bilen Golliwud rowaýatynyň berhiz düzüşiniň syrlaryny paýlaşmagy makul
bildik.
1-nji kada. Hamyrly tagamlardan ýüz öwrüň!
Brýus Li “Azyk harytlarynyň pelsepesiniň” bir bölegi bu bedeniň gurluşyna ters
täsir edýän “boş” kaloriýalary girizmezlik diýip pikir edýär. Elbetde, Li käwagt özüne
hamyrly önümler bilen naharlanmaga rugsat beripdir. Ýöne ol muny juda az we köplenç
eýelerinden ýüz döndermek mümkin bolmadyk myhmançylykda edipdir.
2-nji kada. Minimal süýt önümleri
Aýtmakalryna görä, Brýus Li hiç hili süýt önümlerini kabul etmändir. Belokly
kokteýllerde süýdüň ornuna gury süýtden peýdalanypdyr.
3-nji kada. Az we tiz-tizden naharlanmaly
Bu maslahat diňe bir aktýor tarapyndan däl, eýsem, köpsanly diatologlar
tarapyndan hem berilýär. Haçan-da, az we tiz-tizden naharlanylsa, beden ýaglary ätiýaja
alyp goýmaga ýetişmeýär. Brýus gününe bäş wagt naharlanypdyr. Naharlaryň
aralygynda bolsa miweleri iýipdir.
4-nji kada. Belokly kokteýl kabul ediň!
Li kokteýller bilen tejribe geçiripdir. Ýagny ol kokteýli gowy görüpdir. Onuň
içgileriniň esasyny hemişe süýt tozy, ýumurtga, arahis ýagy, banan, piwo ajytdyryjysy
we şinelän bugdaý eýeläpdir.
5-nji kada. Azyk önümleriniň goşundylaryny ulanmaň!
Söweş ussadynyň menýusynda hemişe C we E witaminleri, gül tozgajyklary,
atserol we letsitin bolupdyr. Emma azyk goşundylarynyň toplumy indiwudualdyr.
Şonuň üçin olary satyn alamakdan öň lukman bilen maslahatlaşyp, bedeniňizde
nämeleriň ýetmeýändigini bilmegiňiz gerekdir.
6-njy kada. Ary balyny we ženşen kabul ediň!
Brýus Li bu önümleri bedeni witaminler bilen doldurmak üçn kabul edipdir. Ary
baly we ženşen immuniteti saklamak üçin peýdaly we häzir hem örän möhümdir.
7-nji kada. Uglewodlary unutmaň!
Uglewodlar uniwersal energiýa çeşmesidir. Maşk edenimizde bedenimiz köp güýç
we resurs talap edýär. Şonuň üçin olary doldurmak gerek bolýar.
8-nji kada. Hytaý aşhanasynyň tagamlary bilen tanşyň!
Bu elbetde, indiwudual meseledir. Ýöne Golliwud ýyldyzynyň sözlerine görä,
hytaý aşhanasynda beloga baý peýdaly naharlar köp. Meselem, tofu peýniri. Bu barada
Brýus liniň pikiri hakykatdan hem dogry.
Aždarha aşhanasy: Brýus Liniň iýmitlenmek boýunça 8 kadasy
