Afrika yklymynda ýerleşýän Botswananyň demirgazygynda birnäçe hepdeden
bäri syrly görnüşde 350 sany pil öldi diýip habar berýär The Guardian”. Pilleriň
ölümi hakynda ilkinji gezek maý aýynyň ahyrlaryna peýda bolupdy. Haýwanlaryň
galyndylary ýurduň demirgazygyndaky Okawango derýasynyň golaýyndan
tapyldy. Iýun aýynyň ortalarynda bolsa bu ýerden ýene-de 170 piliň jesetleri
tapyldy.
Bir gün öň Britaniýanyň milli seýilgähleri goramak sahawat guramasy
tebigaty goramak boýunça direktory Naýl Makkan KHBS-lere syrly görnüşde
ölüm halatlarynyň sanynyň 350 ýetendigini mälim etdi.
Bu barada Makken şeýle diýýär: “Azyndan 350 pil öldi – bu juda haýran
galyjy waka. Botswanada Afrika pilleriniň üçden biri ýaşaýar. Olaryň 10%-i bolsa
şu çäkde ýerleşýär. Şonuň üçin ýagdaý pilleriň umumy populýasiýasyna ýaramaz
täsir etmegi mümkin”.
Aerosuratlarda pilleriň jesediniň köp bölegi suw içmäge baranda öldürileni
mälim boldy.
Haýwanlaryň köpçülikleýin ölmeginiň sebäpleri nämälimligine galýar.
Takmynlara görä, bu ýowuz patogen zäherlemek bolmagy mümkinligi hakynda
aýdylýar. Köýdüriji infeksiýa bilen bagly wersiýa bolsa häli tassyklanmady.
Häzirki wagtda pilleriň köpçülikleýin ölmeginiň sebäplerini anyklamak boýunça
gözlegler dowam edýär.
Botswanada 350 pil syrly ýagdaýda ölüm tapdy
