Amerikaly alymlar bir adamdan başga birine juda tiz ýokuşmagy mümkin
bolan koronawirusyň täze ştammyny anykladylar. Bu barada “Journal of the
Americn Medical Association” neşiriniň ýokançly keseller boýunça hünärmeni
Entoni Fauçhininiň beýanatyna esaslanyp habar berýär.
Fauçi bu ştammyň öňküsine garanda ýokançly bolmagy mümkindigini belläp
şeýle diýýär: “Maglumatlar şulary görkezýär. Ýagny, wirusyň tiz köpelmegien
mümkinçilik berýän bir sany mutasiýa bar. Bu bolsa wirusyň ýokary
Konsentrasiýasyna getirmegi mümkin.
Emma hünärmen häzirki wagtda bu täze ştammy adamlar nähili başdan
geçirýändiklerini bilmeýär. Bulary anyklamak bolsa täze ylmy gözlegleri talap
edýär. Şonuň üçin hem waksina döredijiler koronawirusyň bu aýratynlyklaryny
hem göz öňünde tutmaklary gerek bolar. Ýöne ýene-de bir zady belläp geçmek
zerur. Wirusyň adama uýgunlaşyşy ýaly adam hem wirusa uýgunlaşýar. Netijede
bolsa immunitet kemala gelýär. Munuň özi koronawirusyň adaty bir wirusa
öwrülmegine getirer.