Geçen ýylyň güýzüniň başynda Hyundai we Kia markaly awtomobilleri bilen
MV Golden Ray ýük gämisi Bransuik portundan çykdy we Baltimora tarap ugrady,
ýöne ahyrky nokada ýetmek oňa başartmady. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň
başynda Golden Ray portdan ýarym kilometrlikde, deňziň çuňlugy 11 metr bolan
ýerde gapdallaýyn agdaryldy. Gäminiň bortunda ekipažyň 24 agzasy bardy, olaryň
hemmesi halas edildi, ýöne agdarylandan bäri gäminiň özi suw bilen ugurdaş
hereket edýärdi. Ahyrynda halas ediş operasiýasy işlenilip düzüldi. Bu barada rg.ru
habar berýär.
200 metrlik MV Golden Ray gäminiň bortunda tehniki suwuklyk bilen
doldurylan 4 200 awtomobil bardy. Mundan başga-da, gäminiň özüniň baklary
hem müňlerçe gallon ýangyç bilen doldurylgydy. Halas ediş operasiýasy, halas
edijileriň pikiriçe, hökman ýarylma we ot ojagynyň döremegine getirjek ulag
ägirdiniň korpusyny kesmekde jemlenýär. Munuň üçin gäminiň korpusynyň
astyndan ýörite zynjyr geçirerler. Ilki gäminiň korpusynda gäminiň kesilen
böleklerini galdyrmak üçin metal gurluşlar gurnalar. Şundan soň galdyrylan
gäminiň böleklerini barža ýükläp, Atlantik ummanyň düýbüne gidirmek
meýilleşdirilýär.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Müňlerçe Hyundai we Kia bilen gark bolan gämini ummana gidirmek kararyna gelindi
Müňlerçe Hyundai we Kia bilen gark bolan gämini ummana gidirmek kararyna gelindi
