15-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä saglygy
goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki
missiýasynyň bilermenleriniň Türkmenistana saparynyň jemleri we
hyzmatdaşlygyň geljekki wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Bütindünýä saglygy
goraýyş guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti COVID-19 garşy
taýýarlygyny we çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde ýurdumyzda
durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyş bolmak hem-de olara syn bermek maksady
bilen Türkmenistana geldi.
BSGG-nyň berýän maslahatlaryna berk eýerilýändigi barada aýdyp, türkmen
tarapy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin guramanyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi
hem-de dünýä derejesinde onuň işini goldamaga doly taýýardygyny tassyklady. Öz
gezeginde, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti iki welaýata we paýtagtymyz Aşgabat
şäherine baryp görendigi barada aýdyp berdi hem-de wekiliýetiň işiniň gowy
gurnalandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.  
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri ýagdaýlaryň ählisini
derwaýys ýagdaýda seljermek, yzygiderli gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegi
üçin Türkmenistanyň ýeterlik mümkinçilikleriniň we serişdeleriniň bardygy barada
ýene bir gezek nygtap geçdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda BSGG-nyň
wekilleri missiýanyň Türkmenistana saparynyň dowamynda ýerine ýetiren işleri
bilen tanyşdyrdy.