15-nji iýulda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk
tutmak bilen meşgul boldy.
Hormatly Prezidentimiz balyk tutýan pursatlarynda Diýarymyzda çap edilýän
döwürleýin metbugat neşirleri bilen tanyşdy. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň
häzirki döwürde ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, türkmen
topragynyň tebigy aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir.
Metbugat neşirlerinde çap edilen makalalaryň köpdürlüligi, olaryň ýerli ösümlik
dünýäsi baradaky maglumatlary mazmun taýdan çuňňurlygy bilen täsir galdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz metbugat neşirleri bilen tanyşlygyň dowamynda
«Türkmen dili» gazetinde çap edilen «Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde tebigat bilen
baglanyşykly sözler» atly makala üns berdi. Onda tebigatyň özboluşly
aýratynlyklary, duş gelýän sözleriň, nakyllaryň mazmuny barada giňişleýin
düşündiriş berilýär. Gadymy sözlükde beýan edilişine görä, balyk bilen
baglanyşykly «Balygyň suwda gözi açyk» diýen nakyl adamyň käbir gylyk-
häsiýetleri bilen baglanyşykly manyny açyp görkezýär. Munuň özi türkmen diliniň
gadymy döwürlerden bäri çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň abadançylygynyň, daşky gurşawyň
ýokary ekologiýa derejesine eýediginiň nyşany bolan ajaýyp kölden tutan
balyklaryny paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat
hökmünde iberdi.
Çagalar sowgady şatlyk bilen kabul etdiler. Ýörite gapda getirilen balyklary
synlap, «Döwletliler köşgüniň» okuwçylary milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
«Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar täze tutulan balyklary uly
ruhubelentlik we çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler.
«Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänler özleri üçin iberilen balyklaryndan
taýýarlanan balyk çorbasyndan dadyp, yzygiderli edýän atalyk aladalary üçin
döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy
Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy
