Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň
howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan
bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz
täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän öňüni alyş çäreleriniň
nobatdaky tapgyry geçirilýär.
Häzir tutuş adamzatda uly alada döredýän ýokanç keselleriň ýurdumyzyň
çäginde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş edaralary,
hususan-da Döwlet arassaçylyk-keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş gullugy
tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna
laýyklykda, toplumlaýyn zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.
Şeýle hem ilatyň arasynda wirus keselleriniň öňüni alyş çäreleri boýunça
düşündiriş sanitariýa-aň-bilim işleri geçirilýär, maglumat-bilim gollanmalary
işlenilip taýýarlanyldy we çap edildi.
Şeýle hem türkmen hünärmenleri beýleki ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen
tejribe alyşmagy dowam edýärler, olar eýýäm täze howpa garşy göreşmekde
uly tejribe topladylar. Şu maksat bilen türkmen saglygy goraýyş ulgamynyň we
beýleki gulluklaryň işgärleri pandemiýa garşy göreşmekde öz netijeliligini
subut eden maglumatlary, bilimleri we iş tejribesini yzygiderli alyşýarlar.
Şeýlelikde, Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça
maksadalaýyk işler dowam etdirilýär, ýagdaýlar yzygiderli seljerilýär hem-de
zerur bolan çäreler görülýär.
COVID-19 keseliniň ýaýramagy bilen baglylykda, dünýäde dörän çylşyrymly
ýagdaýa garamazdan, howply ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagyna ýol
bermezlik boýunça öz wagtynda çäreleriň görülmegi netijesinde
Türkmenistanda epidemioligiýa ýagdaý ýeterlik derejede durnukly
bolmagynda galýar.
Munuň özi barlag-geçiriş nokatlarynda arassaçylyk-epidemiologiýa
çäreleriniň, Saglygy goraýyş edaralarynyň we beýleki gulluklaryň ählisiniň
sazlaşykly işiniň, howpsuzlygy üpjün etmek üçin girizilen çäklendirmeleriň
netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Türkmenistan COVID-19 keseliniň aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça netijeli çäreleri gördi
Türkmenistan COVID-19 keseliniň aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça netijeli çäreleri gördi
