Daşary ýurtlarda, ozaly bilen çäkleşýän ýurtlarda epidemiologiýa ýagdaýynyň
dartgynly ýagdaýda saklanmagyny nazara almak hem-de Türkmenistanyň
ilatly ýerlerinde howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, serhetýaka
etraplarda we obalarda zyýansyzlandyryş işleri geçirildi.
«Toyota Hilux» kysymly awtoulagyň kömegi bilen zyýansyzlandyryjy
serişdeleri sepmek arkaly geçirilýän işler häzirki wagtda dowam edýär.
Şeýle hem uly ýerleriň arassaçylygyny goramak we işleri geçirmek hem-de şol
ýerlerde ýaşaýan ilatyň arasynda dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen,
howa ulagy peýdalanylýar. Bu aýratyn-da, ýurdumyzyň günorta-
gündogaryndan, demirgazyk-gündogaryndan hem-de demirgazygyndan
öwüsýän şemallar arkaly howada tozanyň ýaýramagy bilen düşündirilýär. Ol
Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen barlaglaryň
netijesinde kesgitlenildi.
Hususan-da, ýokanç kesellerini ýaýradyjylary ýok etmäge gönükdirilen
zyýansyzlandyryş çäreler düzümi bir göterimli hlory ýa-da 0,25 göterimli
natriniň gipohlorid erginini sepmek arkaly ýeňil motorly uçaryň kömegi bilen
alnyp barylýar.
Hünärmenleriň ylmy işlerine esaslanan şol işler iki tapgyrda amala aşyrylýar.
Olaryň birinjisi topragy zyýansyzlandyrmaga gönükdirilendir hem-de 15 — 20
metr belentlikden alnyp barylýar. Işleriň ikinji tapgyry 50 — 60 metr
belentlikden geçirilip, ýerden 40 metr belentlikde howa giňişliginde bolup
biläýjek patogen mikroblary we wiruslary ýok etmäge gönükdirilendir.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şeýle çäreler Mary,
Lebap welaýatlarynyň serhetýaka zolaklarynda geçirildi.
Häzirki wagtda şol işler Balkan welaýatynyň serhetýaka çäklerinde hem-de
Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerine ýanaşyk ýerlerde ýaýbaňlandyryldy.
Şeýle işler ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň we paýtagtymyzyň golaýyndan
geçýän ýollary gurşap almak bilen dowam etdirilýär.
Uçar arkaly howadan zyýansyzlandyryjy erginiň ýaýradylmagy keselleriň
öňüni almak hem-de daşky gurşawda kesel dörediji maddalary ýok etmek
maksady bilen uly meýdanlary sanatariýa taýdan tiz we netijeli işlemäge
mümkinçilik berýär.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Türkmenistanyň serhetýaka etraplarynda howa ulagy arkaly zyýansyzlandyryş işleri geçirildi
Türkmenistanyň serhetýaka etraplarynda howa ulagy arkaly zyýansyzlandyryş işleri geçirildi
