Ýaponiýanyň Donut Robotics kompaniýasy aýdylan sözlemi ýazga geçirip
bilýän we sekiz dile terjime etmek mümkinçiligine eýe C-Face diýip atlandyrylan
agyz burun örtügini döretdi.
Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Taýsuke Ono şeýle diýýär: “Pandemiýa
başlanyndan bäri adamlar gorag nikabyny dakýarlar. Şu sebäpli käbir
oňaýsyzlyklara duş gelýärler. Özüm hem ýanwar-fewral aýyndan bäri şunuň ýaly
ýaşaýaryn we nikap gürleşmegi kynlaşdyrýandygyny gördüm. Adamlar biri-birini
eşitmeýärler. Men lukmançylyk agyz-burun örtüginde ýüz öwürmän emele gelen
oňaýsyzlyklardan tehnologiýalaryň kömegi bilen halas bolmak hakyndan
oýlandym. Ýagny, bu oýlap tapyşa koronawirus bilen bagly ýagdaý itergi berdi”.
C-Face lukmançylyk agyz-burun örtüginiň ornuny basmaýar. Onuň üstünden
dakylýar. Ol hatda bir-birden on metr uzaklyga bolan adamlaryň aragatnaşyk
saklamaga mümkinçilik berýär. Örtüge ýörite mikrofon oturdylan, aýdylan jümle
şol mikrofon arkaly Blurtooth-yň kömeginde smartfon ýa-da kompýutere ýazgy
ýetip barýar. Akylly agyz-burun örtügi jemi sekiz dile, ýagny, iňlis, hutaý, koreý,
ispan dillerine terjime edip bilýär.
Taýsuke Ononyň aýtmagyna görä, C-Face agyz-burun örtügine häzirki wagta
çenli 30-dan gowrak döwletden buýurmalar gelipdir. Örtügiň nyrhy 4400 iýen ýa-
da 40 dollar möçberinde bahalanýar.
Ýaponiýada jümläni ýazgy görnüşine geçirýän akylly agyz-burun örtügi döredildi
