Ermenistan hökümetiniň karary bilen mart aýynda koronawirus sebäpli yglan
edilen adatdan daşary ýagdaýyň dowamlylyk möhletini ýene-de bir aýa çenli
uzaltmak barada düzgünnama çykaryldy.
13-nji iýul, duşenbe güni Ermenistan hökümetiniň adatdan daşary ýygnagy
bolup geçdi. Ýygnakda ýurtda dowam edýän çäklendirmeleri ýene-de bir aýa – 12-
nji awgusta çenli uzaltmak kararyna gelindi. Adatdan daşary ýagdaýlaryň
uzaldylmagynyň esasy maksady ýurtda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna
garşy giň gerimli işleri alyp barmakdan ybaratdyr. Sebäbi ýurtda pandemiýanyň
ýaýraw çägi we tizligi günüň-gününe artýar.
Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Kesellere gözegçilik etmek we
öňüni almak boýunça milli merkeziniň maglumatlaryna görä, 13-nji iýul güni
ermenistanda 32 151 koronawirus ýokanjy bilen zeperlenen adam hasaba alnypdyr.
Şolardan 19 865 sany näsag sagalan bolup, 11 530 adam aradan çykypdyr.
Ermenistanda 16-njy mart güni koronawirus infeksiýasy sebäpli bir aýlyk
adatdan daşary ýagdaý düzgüni yglan edilipdi. 13-nji aprelden Ermenistan
hökümeti bu düzgüni 14-nji maýa çenli, soňra iki ýene-de iki gezek bir aý möhlet
bilen 13-nji iýun we 13-nji iýula çenli uzaldypdy.
Ýene-de bir döwletde adatdan daşary ýagdaýyň möhleti uzaldyldy
