“Real Madridiň” “La Ligada” 34-nji çempionlygyny gazanmagy bilen olaryň
kubok sany 91-e ýetdi. Şeýlelikde, “Real Madrid” bu ugurda ezeli bäsdeşi
“Barselona” bilen deňleşdi. “Real Madrid” topary şu wagta çenli “La Ligada” 34,
Ispaniýanyň Şa Kubogynda 19, Ispaniýanyň Super Kubogynda 11 hem-de ozalky
Ispaniýanyň Liga Kubogynda 1 gezek ýeňiji boldy. Mahlasy Ispaniýanyň çäginde
“Real Madrid” 65 kubok gazandy. Halkara arenada bolsa, olaryň gazanan
kuboklarynyň sany 26-a deňdir. Los Galaktikoslylar Çempionlar ligasynda 13,
ozalky UEFA Kubogynda 2, UEFA Super Kubogynda 4, Yklymlararasy Kubogy
ýaryşynda 3, Klublararasy Dünýä Kubogynda-da 4 gezek kubogy eýeledi.
“Real Madriň” ezeli bäsdeşi “Barselona” bolsa, La Liganyň çempionlygyny
26, Ispaniýanyň Şa Kubogyny 30, Ispaniýanyň Super Kubogyny 13, Liga
Kubogyny 2 hem-de UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny 5, UEFA Super
Kubogyny 5, Klublararasy Dünýä Kubogyny 3, şol sanda ozalky Ýarmarka
Kubogyny 3, Kubokçylaryň Kubogyny bolsa 4 gezek alypdy.