15-nji iýul güni Birleşen Arap Emirlikleri erbet howa ýagdaýynyň bolandygy
sebäpli özüniň Mars planetasyna uçurmakçy bolan “Umyt” raketasynyň arşa
göterilişini ýene-de biraz wagt yza süýşürdi. Bu howa gämisi çarşenbe güni
Ýaponiýadan uçurylmalydy.
Bu barada Dubaý KHBS-iň habarlarynda şeýle diýilýär: “BAE-niň Älem
giňişligi Agentligi we MBR Älem Merkezi “Mitsubişi agyr senagaty”
kompaniýasy bilen birnäçe gepleşikleri geçirdi. Tanegeşima adasyndan Mars
planetasyna uçurylýan “Umyt” raketasynyň uçuşy ýaramaz howa sebäpli ýene-de
gijikdirildi. Bu uçuşyň indiki wagty 24 sagadyň içinde yglan ediler”.
Ýedi sany emirlikden ybarat BAE-niň Mars planetasyna raketa uçurýan birinji
arap döwleti hasaplanýar. Emirlikler Marsy öwrenmekde bäsleşýän üç ýurduň biri
bolup, ABŞ we Hytaý raketalary hem Gyzyl planeta uçuşlary amala aşyrýarlar.
BAE-niň “Umyt” raketasy 2021-nji ýylyň fewralyna çenli Marsa ýetip barar.
Bu älemi öwrenmek boýunça operasiýanyň maksady Marsyň atmosferasyny her
taraplaýyn öwrenmekden ybaratdyr. Şol sebäplide “Umyt” raketasy Marsyň daş-
töwereginde bir ýyla golaý aýlanyp ýörer. Maglumat ornunda belläp geçsek,
Marsda bir ýyl Ýerdäki 687 güne dogry gelýär.
BAE Marsa missiýasyny uçurmagy yza süýşürdi
