Dünýädäki ähli tussaglaryň 7%-ini aýallar düzýär. Emma olaryň sany
tussaglykdaky erkeklere görä örän tiz ösýär. Bu barada Birleşen Milletler
Guramasynyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissiýasynyň edarasynyň
meýdan operasiýalary we tehniki hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Jorjet Ganýon
mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, tussaghanadaky aýallaryň sanynyň köpelmegi
jenaýatçylygyň köpelmegi bilen däl, eýsem, “käbir ýurtlarda häkimiýet
edaralarynyň nädogry syýasy kararlary” bilen baglydyr.
Ýene-de bir möhüm mesele – bu tussaghanalaryň dolmagydyr. Azyndan 114
ýurtda tussaglaryň sany resmi mümkinçiliklerden geçip gitdi. 92 döwletde
tussaghanalar 100-den 200 göterime çenli doldy. Dünýäde 714 müňe ýakyn aýallar
we gyzlar tussaghanalarda otyr. 2000-nji ýyldan bäri tussaglykdaky aýal-gyzlaryň
sany 53 göterime, erkekleriňki bolsa 20 göterime çenli artdy.