Russiýada COVID-19 waksinasynyň adamlarda geçirilen synaglary üstünlikli
amala aşdy. Birnäçe aý dowam eden işler şu hepdede ahyryna ýetdi. Synaglara 38
sany meýletinçi gatnaşdy.
Häzirki wagtda bu waksina 100 sany adam bilen ikinji gezek synagdan
geçirilýär. Indi ruslar barlaglaryň üçünji tapgyryny Saud Arabystanynda amala
aşyrmagy meýilleşdirýärler. Russiýanyň inwestisiýa fondunyň baş direktory Kiril
Dmitriýewiň sözlerine görä, koronawirus waksinasynyň müňläp adamlaryň
üstünde geçirilmeli üçünji tapgyry Saud Arabystany Patyşalygynda synag etmegi
mümkin. Bu işleriň awgust aýynda başlanmagyna garaşylýar.
Dmitriýew bu barada şeýle diýýär: “Saud Arabystany öňden bäri
koronawirusy bejermek üçin biziň öndüren awifawir dermanyny satyn aldy. Biz
Patyşalyk bilen diňe bir waksinamyzy synaglardan geçirmek barada gepleşikleri
alyp barýarys, eýsem, waksinany Saud Arabystanynda öndürmegi hem maslahat
etdik. Biz Saud Arabystany Patyşalygyny özümiziň möhüm hyzmatdaşymyz diýip
hasaplaýarys we waksina işläp taýýarlamak hakynda juda gowy hyzmatdaşlygy
ýola goýarys”.
Russiýada döredilen waksina awgustdan başlap adamlara ýetirilmäge
başlanar. Eger şunuň ýaly bolsa, bu koronawirusa garşy dünýädäki ilkinji waksina
bolar. Russiýa waksinany şu ýylyň ahyryna çenli 30 million dozada rus ýurdunda,
ýene-de 170 million dozada daşary ýurtlarda işlap taýýarlamagy meýilleşdirýärler.
Rus waksinasynyň synaglary Saud Arabystanynda dowam eder
