Indoneziýanyň Günorta Sulawesi prowinsiýasynda güýçli suw joşguny
netijesinde 14 müňden gowrak adam öz öýlerini taşlap gitmäge mejbur boldy.
Tebigy betbagtçylyk sebäpli 67 adam dereksiz ýiten hasaplanýar. Biraz wagt öň
welaýatda suw joşgunlary we ýer süýşmeleri sebäpli 36 adam aradan çykdy diýip
habar beripdi.
“Sinhua” habarlar agentliginiň Indoneziýa tebigy heläkçiliklere garşy
göreşmek boýunça milli agentliginiň ýolbaşçysy Doni Monardonyň
maglumatlaryna esaslanyp berýän habaryna görä, welaýatyň 14 388 raýatyny
howpsuz ýerlere göçürilipdir. 51 adam bolsa ýaralanypdyr.
Ýerli gözleg-halas ediş hyzmatynyň wekili Zaýenal Asadyň sözlerine görä,
halas edijiler öz güýçlerini Masamba şäheri we başga-da zelel çeken çäkleriň
ilatyna kömek bermäge gönükdirildi. Amaly işlerde 359 halas ediji gatnaşdy. Işleri
alyp barmakda agyr tehnikalar hem işledilýär.
Suw joşmalary ýoly we dokuz sany köprini, 13 sany dini we 9 sany mekdep
binasyny we ondan gowrak jemgyýetçilik obýektlerine zelel ýetirdi.