Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Amal” (“Umyt”) kosmos zondy
Ýaponiýanyň Tanegasima adasyndaky kosmodromyndaky “H-IIA” raketa
göterijisi arkaly Mars planetasyna uçuryldy. Kosmos zondunyň uçurylmagy
“Mitsubishi Heavy Industries” korporasiýasy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp
berildi.
“Al-Amal” zondunyň Mars plenatasyna iberilmegi amatsyz howa şertleri
sebäpli 2 gezek yza süýşýrildi. Ýaponiýada bir hepdeden gowrak wagt güýçli
ýagyş ýagyp, bu hem ýurduň günorta-günbatarynda toprak süýşmelere we suw
joşmalaryna sebäp boldy.
Zond 2021-nji ýylda Mars planetasyna barar. 7 aýdan soňra Mars planetasyna
barjak zond planetanyň orbitasynda bir marsian ýyl (687 ýyl) galar.
Şeýlelikde, BAE Mars planetasyna zond iberen Arap ýurtlarynyň arasyndaky
ilkinji ýurt boldy. Häzirki wagtda Mars planetasyny ABŞ-nyň kosmos agentligi,
Ýewropanyň kosmos agentligi hem-de Hindistan zond iberip, ylmy işleri alyp
barýar.
BAE Marsa howa şaryny uçurdy
