Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginden SMS habarnamasy geldi. Onda hemmeleriň agyz-burun örtügini
dakmagy maslahat berilýär.
SMS habarnamasynda şeýle sözler bar:
«Howa şertleriniň adama bedine ýetirýän onaýsyz täsirleriniň öňüni almak
maksady bilen lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýär.
TSG we DSG».
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda infeksiýanyň öňüni almak maksady
bilen, çäreleriň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda halkara awiagatnawlaryň
wagtlaýyn ýatyrylmagyny, ýurduň içinde otlularyň we awtobuslaryň hereketiniň
wagtlaýyn bes edilmegini, metjitleriň, jemgyýetçilik iýmiti we söwda
merkezleriniň çäklendirilmegi ýaly çäreleri görkezip bileris.