Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap
Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh
Mohammed Bin Raşid Al Maktum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde wajyp mesele bolan hem-de halkara söwda ulgamynda,
önümçilik işinde we daşary ykdysady gatnaşyklarda çökgünligiň emele gelmegine
sebäp bolan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Bu wehime garşy netijeli göreşmek üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň
birleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu howpa garşy göreşiň täze usullaryny işläp
taýýarlamakda dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny
tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi Gurban baýramy bilen ýene bir
gezek gutlap, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan
beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.