Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş
direktory wezipesine Döwran Gurbangeldiýewiç Çişiýew bellenildi.
TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow bu Karara anna güni gol çekdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçen giňişleýin
mejlisinde ýurt Baştutany TNGIZT-iň şol wagtky baş direktory Batyr Amanowy
döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläpdi.
Häzirki güne çenli iri kärhananyň baş direktory wezipesini toplumyň baş
inženeri wagtlaýyn ýerine ýetirdi.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýylyň
birinji ýarymynda 2 million 950 müň tonna golaý nebit çig malyny gaýtadan işläp,
meýilnamany 103 göterim ýerine ýetirdi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna täze ýolbaşçy bellendi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna täze ýolbaşçy bellendi
