28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar
uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk
geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky
hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly
ylymlar uniwersiteti bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy gurnamak
boýunça Türkmenistandan bilermenler wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna
sapary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy
taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli
meýilnamasynyň wajyp ornuna aýratyn üns çekildi, çünki ol parahatçylygyň,
howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagy babatynda
Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga
ygrarlydygyny ýene-de bir gezek doly subut edýär.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň,
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy
merkeziniň wekilleri gatnaşdy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Awstriýanyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi
Awstriýanyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi
