Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we
kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde
geçirilen foruma bu ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Iş toparynyň mejlisinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan
üçtaraplaýyn görnüşde logistik işi utgaşdyrýan düzümi döretmegiň
mümkinçiligine garaldy, onuň guramaçylyk-hukuk ugry ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Taraplar şu ugur boýunça ýükleri daşamak üçin nyrh syýasaty meseleleri
boýunça hem pikir alyşdylar. Halkara ýük daşamagyň bazaryny we bäsdeşlige
ukyply bahalaryň hem-de ýygymlaryň ýagdaýyny yzygiderli seljermek
maksady bilen, üç ýurduň demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglary
ulgamlarynyň edaralarynyň jogapkär wekillerinden iş toparyny döretmek
teklip edildi.
Wideomaslahata gatnaşyjylar birek-birege dürli ýeňillikleri bermegiň mümkin
boljak gurallaryna-da garadylar. Şolaryň hatarynda üstaşyr geçirmegiň
nyrhyny azaltmak, ýükler saklananda hyzmatlaryň käbir görnüşleri üçin
töleglerden boşatmak ýaly ýeňillikler bar.
Duşuşygyň gün tertibine Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugrunyň
sanly atlasyny taýýarlamak meselesi hem girizildi. Häzirki wagtda
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde ulag serişdelerini sanlylaşdyrmak
boýunça işler alnyp barylýar.
Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar telekommunikasiýalar ulgamy boýunça
özara gatnaşyklara-da üns berdiler.
Owganystan, Türkmenistan we Azerbaýjan logistika boýunça wideomaslahat geçirdi
