28-nji iýulda Aşgabatda BSGG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin
pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygyny üpjün
etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi. Onlaýn
görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda
akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt boýunça
edarasynyň ýolbaşçysy Polina Karwowska bilen ÝUNISEF-iň wekili Kristina
Weýgand dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Prezident Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adamlaryň saglygyny
gorap saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna
ygrarlydygy aýratyn nygtaldy, bu bolsa häzirki COVID-19 pandemiýasy döwründe
aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolup durýandyr. Şeýle hem şahsy arassaçylyk
düzgünleri we hapalanan howanyň ýaramaz täsirinden goranmak ýaly meseleleri
halkyň içinde wagyz etmek işlerine aýratyn üns berildi.
Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň
öňüniň alynmagyna ýokary ähmiýet bermek bilen, pandemiýanyň garşysyna
gaýragoýulmasyz ýagdaýda hereket edendigini aýratyn nygtadylar. Şeýle-de
döwlet Baştutany tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn
wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýändigi hem bellenilip geçildi.
Brifingiň ahyrynda çökgünli ýagdaýlaryň derwaýys çözülmegi boýunça
global guralyň kesgitlenilmegi dogrusynda hem pikir alyşyldy. Çärä gatnaşyjylar
durnukly ösüş hereketleriniň binýadynda ähli adamlaryň saglygynyň
goraglylygynyň durýandygy baradaky pikire geldiler.
Aşgabatda BSGG-niň we ÝUNISEF-iň gurnamagynda brifing geçirildi
