Wýetnamyň hökümeti koronawirusyň has “basybalyjy” görnüşiniň ýaýrawy
barada habar berdi we häzir ýokanjyň çeşmesini anyklamakçy bolýarlar diýip,
ýurduň hökümetiniň resmi portaly ýazýar. Bu barada INTERFAKS habar berýär.
“Geçen dynç günleri ýurtda üç aýdan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek
Danangyň dört sany ýaşaýjysy COVID-19 üçin geçirilen barlagda položitel netijäni
görkezdiler. Olaryň ikisi agyr ýagdaýda, olara öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin
enjamlar gerek” – diýip, portal ýazýar.
Syrkawlaryň analizi olaryň koronawirusyň has ýokuşagan we çalt agyr
ýagdaýa getirýän täze görnüşi bilen keselländiklerini görkezdi.
“Ýurduň hökümeti şähere ýokanjyň ýaýramagyny saklamak we dessin
ýagdaýda onuň çeşmesini anyklamaga kömek etmek üçin iň gowy lukmanlary
Dananga iberdi. Danangdan gelenleriň ählisine saglyk beýannamasyny
doldurmagy tabşyrýarlar, käbirleri 14 günlük karantinden geçýär” – diýip, portal
belleýär.
Wirusyň täze görnüşiniň Dananga gelmegini ýurduň Saglygy goraýyş
ministrliginiň hünärmenleri ýa-ha ýurda gizlin migrantlaryň girmegi, ýa-da şäheriň
COVID-19-ly syrkawlaryň bejerilýän hassahanalarynyň biriniň şertlerinde wirusyň
özgermegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Öz gezeginde Russiýanyň Rospotrebnadzor federal gullugy Wýetnamdan
koronawirusyň has ýokuşagan, täze görnüşi barada maglumatlary seljerjekdigini
habar berdi, ol Wýetnamyň barlagçylary tarapyndan Danangda ýaýrawyň ýüze
çykmagyna getiren wirus ştamlarynyň doly genomly yzygiderligi neşir edilenden
soň öwreniler. Rospotrebnadzoryň ylmy merkezi ozal täze koronawirusyň 100-den
gowrak ştamyny tapawutlandyrdy, ýüze çykarylan mutasiýalar wirusyň häsiýetiniň
düýpli üýtgemesine getirmedi.
Öň, hökümetiň Danangdan 80 müňe çenli adamy, esasanam, wýetnam
syýahatçylaryny çykarjakdygy habar berildi. Danang – ýurduň uly şäherleriniň biri
bolmak bilen, syýahatçylaryň esasy ugry hasaplanylýar.
Tas ähli daşary ýurtlulara Wýetnama girmeklik heniz hem gadagan edilýär,
gelýänler hökman karantinden geçmeli.
27-nji iýulyň maglumatlary boýunça, Wýetnamda koronawirusyň 431
ýagdaýy bellige alyndy, ýöne ýekeje-de ölüm ýok. Ýurtda berk howpsuzlyk
çäreleri kabul edildi. Häzir Danangda sosial aradaşlyk režimi hem gaýtadan
girizilýär. Ähli sport, medeniýet we dini çäreleri ýatyryldy. Şäherlilere
jemgyýetçilik ýerinde 30-dan köp adam bolup ýygnanyşmak gadagan edilýär.