Gazagystanyň Aktau porty bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň
arasynda täze fider gämisiniň gatnawyny ýola goýmak boýunça işler alnyp
barylýar.
“Inbusiness” saýtynyň habar bermegine görä, fider gämisi hepdede azyndan
bir gezek gatnawy ýerine ýetirer.
Habarda Hazar deňziniň Gazagystandaky kenarynda ýerleşýän Aktau
portundan ýük gatnawlarynyň täze görnüşleriniň üstünde işlenýändigi aýdylýar.
Türkmenbaşy – Aktau – Türkmenbaşy portunyň arasyndaky gämi gatnawy bolsa
şolaryň biridir.
Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Halkara Hazar ugry boýunça 6,538
konteýner daşaldy. Bu bolsa, geçen ýyla seredeniňde 950 konteýner köpdür.
Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz söwda portunyň we Türkmenbaşy halkara
deňiz portunyň arasynda hem aprel aýynda fider gämisi hereket edip başlapdy.
Hazar deňziniň demirgazyk-gündogar kenarynda ýerleşýän Aktau portundan
Hazarýaka ýurtlaryna ýükleriň gatnawy amala aşyrylýar. Portuň 80 müň inedördül
metre golaý açyk, 2 müň inedördül metr ýapyk meýdançasy hereket edýär.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Aktao porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda konteýner gämi gatnawy ýola goýlar
Aktao porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda konteýner gämi gatnawy ýola goýlar
