Agyz-burun örtügini öndürip başlan dokma kärhanalarynyň hataryna
Türkmenabadyň tikin fabrigi hem goşuldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar
berýär.
Bu ýerde şeýle örtükleriň her gün müňlerçesi taýýar edilip, Dokma senagaty
ministrliginiň «Altyn asyr» söwda merkeziniň dükanlaryna ugradylýar. Ýokary
hilli, we saglyk üçin örän peýdaly bolan bu örtükler baha taýdan hem elýeterlidir.
Umuman, kärhananyň şu ýyly zähmet ýeňişlerine besleýändigini aýtmak
gerek. Iýul aýy heniz tamamlanmanka, bu ýerde ýylyň ýedi aýy boýunça işler 130
göterime ýakyn berjaý edildi. Alnan girdejiniň mukdary bolsa birnäçe million
manada ýetýär.
Türkmenabadyň tikin fabrigi agyz-burun örtügini öndürýär
