2020-nji ýylyň giriş möwsümi başlandy, şu ýyl onuň birnäçe aýratynlyklary bar.
Onuň möhüm aýratynlygy – ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär
mekdepleriniň teklip edýän hünärleriniň sany has-da artdy, bu bolsa ýurduň
ösüşiniň innowasion ugruny, bilim ulgamyndaky döwrebaplaşdyrmak we
diwersikasiýalaşdyrmak işlerini aýdyň görkezýär, çünki adamyň intellektual
ösüşine maýa goýumy – döwletiň we jemgyýetiň depginli ösüşine maýa
goýmakdyr.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty taýýarlygyň täze ugurlary
babatda öňde barýar, munuň özi çalt ösýän sanly ulgam bilen baglanşyklydyr. Täze
hünärleriň arasynda – bank işi we pul dolanşygy; maliýe bazarlary we sanly
ykdysadyýetde maliýe howpsuzlygy; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar;
maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysdadyýetde we dolandyryşda);
kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi ýaly hünärler bar. Türkmen döwlet
maliýe instituty halkara maliýe ugrundan bakalawrlary taýýarlap başlar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde rus dili we edebiýaty
boýunça hünärmenleri taýýarlarlamak gaýtadan dikeldildi.
Ýurduň OST-nyň ösüşiniň esasy ugurlary we daşky gurşawy goramaga hem-de
tebigatdan rejeli peýdalanmaga berilýän üns Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde
bakalawrlary taýýarlamagyň täze ugurlaryny görkezýär, bu ýerde şu ýyldan başlap,
ýyladyşhana hojalygy, senagat balykçylygy, agroekologiýa, şeýle hem kinologiýa
ulgamlarynda geljegi uly hünärleri edinip bolar.
D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili öwrenilip
başlanylar, rus we iňlis filologiýasy babatda bakalawriatyň maksatnamasyna
terjimeçilik işi hem goşuldy. Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler magistr derejesini
almak üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň usulýetini öwrenip başlarlar.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bakalawriat
maksatnamasyny geçip, mikrobiologiýa; tehnologiýa işewürligi; filologiýa (tehniki
iňlis dili we ýapon dili) ýaly ugurlarda islegli hünärmenler bolup bolar.
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalry instituty täze ugurlaryň dördüsini teklip
edýär, olaryň üçüsi: demir ýollaryň hereket edýän düzümi; portlaryň we ulag
menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy; ýerüsti ulag-tehnologik
serişdeleri ugurlary ulag-logistika ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaga
gönükdirilendir. Ýene bir täze hünär—landşaft dizaýny hünäri ýurtda
ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasy, döredilýän
binagärlik gurşawynyň we ýaşyl bezegiň sazlaşdyrlymagynyň zerurlygy, ýaşaýyş
üçin amatly gurşawy döretmek jähtinden möhümdir.

Ýurduň sebitlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde hem hünär
taýýarlygynyň sanawy artdyryldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynda (Türkmenabat şäheri) pars we nemes dilleri, şeýle
hem bedenterbiýe ugrundan ýokary bilim almaga mümkinçilik döredi. Türkmen
döwlet energetika institutynda (Mary şäheri) menejment ulgamynda; maglumat
howpsuzlygy; infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary;
elektroenergenika we elektrotehnika ugurlary boýunça bakalawrlary taýýarlap
başlarlar. Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa (Daşoguz şäheri)
awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary
hünärlerinden bakalawr derejesini alyp bolar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynda art-menejment, şeýle hem operatorçylyk
işi we montažyň režissurasy ulgamlarynda bakalawrlar taýýarlanylyp başlanar.
Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärlleriň 32-si girizildi.
Döwrebaplaşdyrmak işi orta hünär mekdeplerini-de öz içine aldy. Mysal üçin,
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýaraýan
Mekdebi dolandyryş we logistika ulgamynda hünärmenleri taýýarlar.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabatdaky derýaçylyk orta
mekdebinde maglumaty goramagyň howpsuzlygy, şeýle hem elektrik üpjünçiligi
boýunça hünär edinip bolar.
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär mekdebinde
we «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär mekdebinde
bilimiň taze ugurlarynyň esasynda iň täze maglumatlar ulgamlary we sanly
tehnologiýalar öwrenilýar.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň okuwçylary grimçi hünäriniň
syrlaryny öwrenerler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň türkmen
döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bolsa sahna bezegi we agajy çeper bezemek
ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylar. Umuman, hünär mekdepleriniň 7-
sinde täze ugurlaryň 14-si girizildi.