Arzan görnüşleriň hataryna girýän Galaxy M31s smartfonynyň görkezilişi 30-
njy iýulda Hindistanda bolup geçdi. Bu smartfon Super AMOLED matrisaly, Full
HD+ formatly ekran bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Galaxy M31s modeli Exynos 9611 prosessory, 6 Gb-lyk çeýe hem-de 128
Gb-lyk içki (UFS 2.1 görnüşe girýän) ýat bilen üpjün edilipdir. Bu smartfonyň
oňaýly taraplaryndan biri – edil Galaxy M21, Galaxy M30s hem-de Galaxy M31
dewaýslaryndaky ýaly 600 Ma/sagat akkumulýator goýlupdyr. Bulardan başga-da,
Galaxy M31s kwadrokamerasynda 64+8+5+5 megapikselli modullar ulanylypdyr.
Enjam ýene-de 4K formatynda wideo ýazgy etmäge eýe bolar.
Onuň korpusyna iki sany SIM-karta üçin öýjük, LTE, GPS, Wi-Fi ac,
Bluetooth 5.0 hem-de NFC çipleri hem-de gulajyn deşijegi ornaşdyrylypdyr. Täze
smartfon Android 10 operasion ulgamy üstüne gurlan OneUI 2.1 interfeýsi bilen
işleýär. Samsung onuň üçin 260-270 ABŞ dollary möçberinde baha kesmegi göz
öňünde tutýar.
Samsung Galaxy M31s samrtfonyny hödürleýär
