Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy türk raýatlary üçin şu
ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinden Stambula ýörite uçar
gatnawynyň boljakdygyny habar berdi. Türkiýäniň isleg bildiriren
Türkmenistandaky raýatlary bu gatnaw bilen ýurduna dolanyp bilerler.
Isleg bildirýän adamlardan ilçihananyň elektron salgysyna
(embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) elektron usulda ýüz tutmak soralýar. Ýüz tutmalar
4-nji awgust güni 17:00-a çenli kabul ediljekdir. «Gülhan-Dearsan» kompaniýasy
tarapyndan guralýan uçuşyň bahasy ABŞ-nyň 500 dollaryna barabar.
Uçuş güni Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine goşmaça içki awigatnawlar
ýola goýlar.
Uçuşa isleg bildiren adamlar oňa 24 sagat galanda COVID-19 barlagyndan
geçmeli. Barlag Aşgabadyň Görogly köçesiniň 84-nji jaýynda ýerleşýän
«Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde» bolar. Merkeziň telefon belgisi: 36-
90-51.
Ýüze çykan sowallar bilen bagly ilçihana bilen habarlaşyp bolar: +993 12 94
00 27, +993 12 94 00 29.