Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk operatory bolan «Altyn asyr» öz
hyzmatlarynyň hataryna wideo jaňlary hem goşdy. Bu barada TMCELL resmi
saýtynda hem habar berdi.
Wideo jaňdan peýdalanmak üçin jaňy çagyran we çagyrylýan adamlaryň ikisi
hem 3G tizlikli Internetiň üznüksiz işleýän ýerinde bolmaly. Şeýle hem
telefonlaryň ikisi hem frontal kamera bilen üpjün edilen bolmaly.
Wideojaňlar konferensiýalar (köpçülik bolup jaňlaşmak) üçin mümkin däldir.
Wideojaňa baglanyş bahasy 20 teňňe.
«Altyn asyryň» bu hyzmatyna *0809*3*1# USSD kodunyň üsti bilen
birikdirip, ony *0809*3*0# kody bilen öçürip bolýar.