2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi
boýunça Hytaýa 19 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi, diýip Sinhua
habarlar agentligi belleýär.
Umuman, 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen bu magistral gaz geçirijisiniň
ulanyşynyň tutuş dowamynda 316 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.
Merkezi Aziý gaz geçirijisi Türkmenistanyň serhetlerinden başlap,
Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär, soňra Sinzýan-Uýgur awtonom
etrabynyň Horgos diýen ýerinde «Günbatar-Gündogar» hytaý gaz geçirijisine
birigýär. Gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1833 km bolup, ol her ýylda 60 mlrd
kub metr möçberde gaz geçirmäge ukyplydyr – diýlip habarda bellenilýär.
Bu gaz geçiriji boýunça iň iri gaz iberiji ýurt Türkmenistandyr. 2019-njy
ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýa 31,2 mlrd kub metr gaz iberdi.
Türkmenistan şu ýylyň 6 aýynda Hytaýa 19 mlrd kub metr gaz iberdi
