Adynam belki birinji gezek eşidýändiris. Bu, telefonyñ bir markasy. Bu marka öñ Oppo Electronicsiñ başlygynyñ orunbasary Sky Li tarapyndan Hytaýda 04.05.2018ý. senesinde esaslandyryldy.
Bu telefon markasy esasan hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda iñ köp ulanylýan 5 telefondan biri bolup, 2020-nji ýylyñ birinji ýarymynda 15 million ulanyjy sanyny artdyryp, şuwagta çenli 40 million ulanyjy sanyna ýetdi. Markanyñ CEO-sy Li Bingzhong: “Indiki 3 ýylyñ dowamynda 100 million telefony satmakçydyklaryny” aýdyp geçdi.
“Counterpoint” ýaly barlaghanalaryñ aýtmagyna görä, 2020-nji ýylyñ ilkinji çärýeginde maliýa tarapdan ýokarlanan iki markadan biridigi bellenildi.
Realme X50 Pro 5G telefon görnüşi bilen Hindistanda we Taýlanda ilkinji 5G hyzmatyny beren telefondyr, şeýle hem Kamboçiýada nyrhy 1000$-yñ aşagynda bolan 5G hyzmatly telefondyr. Bulardan başga-da Russiýa, Türkiýe ýaly döwletlerde satylyp başlanan markadygyny hem bellemek gerek.
Hudaýberdi Baýew