“Samsung” kompaniýasy pyrlanýan bezelli we poslamaýan metaldan
döredilen täze “Samsung Galaxy Watch3” “akylly” sagatlary bilen tanyş etdi.
Öndüriji hünärmen täze “akylly” sagadyň goşarda rahat durýandygyny, onuň ýeňil
hem insizliginiň örän oňaýlydygyny aýdýar.
Bu sagatlaryň asylky nusgasy bolan “Galaxy Watch” bilen deňeşdireniňde
täze “Samsung Galaxy Watch3”(45-mm görnüşi) demiriniň 14% inçeligi we
agramynyň bary-ýogy 53,8 grama barabardygy bilen tapawutlanýar. Bu sagadyň
displeýi öňküden ulaldylypdyr, ýöne göwrümi 8% kiçeldilipdir. Sagadyň kemeri
emeli usulda döredilen ýokary hilli deriden taýýarlanandyr.
“Galaxy Wearable” priloženiýasynda we “Galaxy Store” priloženiýalar
internet dükanynda ulanyjylar dürli görnüşli siferblatlar bilen tanşyp bilerler.
Häzirki wagtda “Galaxy Store-da” siferblatlaryň 90 000 görnüşi bar. “Galaxy
Watch3” gije-gündiziň dowamynda ulanyjynyň fizik işjeňligine we özüni
duýuşyna gözegçilik edýär. Şeýle hem onda arterial basyşy ölçeýji we
elektrokardiogrammany aýyryjy wezipeler bar. Mundan başga-da, “akylly” sagatda
ganyň kislorod bilen üpjün edilişini ölçeýji ulgam hem bar. Emma hünärmen bu
barada bellemek bilen, “Samsung Galaxy Watch3” akylly sagadynyň medisina ýa-
da diagnostika üçin niýetlenen däldigini aýdýar.
Ulanyjy bu sagadyň içki gurluşynda howa maglumatyny, şahsy
ýatlatmalaryny, gelen hatlaryň duýduryşlaryny we beýleki mümkinçilikleri düzüp
biler. Pyrlanýan bezel bolsa slaýdlary, smartfonuň pleýlistindäki kompozisiýalary
geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de sagady özboluşly el hereketleri bilen
dolandyryp bolýar. Mysal üçin, giriş jaňlara jogap bermek üçin ýumrugyňy
gysmak, oýaryjy ulgamy öçürmek üçin elleriňi silkmek we ş.m.
Sagadyň esasy aýratynlyklary:
– 45-mm görnüşi: 45×46,2×11,1 mm, 53,8gr. Ekrany “Full Color Always On
Display 1,4” (34mm)
– 41-mm görnüşi: 41×42,5×11,3 mm, 49,27gr. Ekrany “Full Color Always On
Display 1,2”
– Corning Gorilla Glass DX (2.5D öňki aýnasy + 3D yzky aýnasy)
– SoC Exynos 9110 1,5 GGs
– Akkumulýatory: 45-mm görnüşi: 340mA/sag; 41 mm görnüşi: 247 mA/sag +
simsiz zarýad beriji ulgam
– Tizen Based Wearable OS 5.5
– 1GB ОЗУ + 8GB fleş-ýady
– LTE, Bluetooth 5.0, Wi-Fi b/g/n, NFC, A-GPS/GLONASS/Beidou. LTE diňe
LTE görnüşlerde açyk
– 5ATM + IP68 + MIL-STD-810G
Bu sagatlary Android 5.0 we ondan-da täze gurluşly smartfonlara birikdirip
bolýar.