Hytaýyň TikTok torunyň bäsdeşi peýda boldy. Ony meşhur torlaryň biri bolan
Instagram işe girizdi. Ol Reels diýlip atlandyrylýar. Bu 15 sekuntlyk rolikleri
mobil programmanyň özünde göni düşürmäge we ýerleşdirmäge mümkinçilik
berýän Instagramyň funksiýasy. Bu funksiýa eýýäm 50 ýurtda, şol sanda
Ýewrozonada, Ýaponiýada, Awstraliýada we ABŞ-da elýeterli.
Roliklere öwüşgin bermek we saz goýmak, wideony çaltlandyrmak,
haýallatmak we ş.m ýerine ýetirmek bolýar. Hyzmat Instagram mobil
programmasynda Android we iOS operasion ulgamlarynda göterýär. Belläp
geçsek, öň bu täze hyzmat Hindistanda we Braziliýada ulanyjylara barlag
görnüşinde elýeterlidi. Ýeri gelende aýtsak, Instagramyň sazdan peýdalanmaga
hukugy bolmadyk ýerlerinde wideo sazsyz şekillendiriler. Şeýle-de, eger-de
ulanyjy wideony Reels-de açyk akkauntda ýerleşdirse, onda islendik başga bir
adamyň onuň esasynda özüniň wideosyny döredip biljekdigi bellenilýär. Eger-de
akkaunty ýapsaň, ondan sazy peýdalanmak mümkin bolmaýar. Mundan başga-da,
wideony aýyrmak hem-de rolik hukugy bozýan bolsa, arz etmek mümkinçiligi hem
bar.
Belläp geçsek, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp TikTok-y gara sanawa
girizjekdigi hem-de ony ýurduň territoriýasynda ýapjakdygy bilen gorkuzdy. Soňra
Tramp programmany 15-nji sentýabra çenli satmagy talap etdi. Prezident
ByteDance kompaniýasy üçin hatda birnäçe alyjyny hem tapdy.
Instagram TikTok-yň bäsdeşini işe girizdi
