Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň
Döwlet gümrük gullugynda elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak
boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda taslamanyň ilkinji tapgyry işe
girizildi. Bu taslama «Asman oky» Hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde amala
aşyrylýar. Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň barşynda ulgamy gurnamak hem-de işe
girizmek işleri geçirildi.
Ilkinji tapgyryň netijeleriniň görkezişi ýaly, Gullukda iş dolanyşygyny amatly
gurnamak üçin oňyn mümkinçilik döredýär, işleriň ýerine ýetirilişiniň wagtyny
birnäçe esse azaldýar, bu bolsa dolandyryş işini oňyn täsirini ýetirer.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdy
