Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan
Respublikasynyň Prezidenti Rama Natha Kowinda we ýurduň Premýer-ministri
Narendra Modä Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde
ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam
pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we
Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-
garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini
beýan etdi.