Köp internet habarlarynda smartfonlaryň bazarynda täze — “Xiaomi_Mi 10
Extreme Edition” smartfonunyň satuwa çykaryljakdygy barada aýdylýar. Internet
ulgamynda eýýäm bu smartfonyň häsiýetli aýratynlyklary we dürli suratlary
ýerleşdirildi.
“Xiaomi” tehnologik kompaniýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine
görä, bu smartfon kompaniýanyň 10 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, has takygy
awgust aýynyň 11-ne köpçülige görkeziler. Hytaýlylaryň bu enjamynyň ilkinji
suratlaryny doly görnüşde Weibo internet saýtynda görmek bolýar.
“Xiaomi_Mi 10 Extreme Edition” smartfony köpçülige 2 hili görnüşde
ýetiriler. Olaryň biriniň yzky paneli keramikadan döredilen görnüşde bolsa,
beýlekisi dolulygyna aňyrsy görünýän aýna hili görnüşde bolar we ondan telefonuň
içki gurluşyny dolulygyna görmek mümkinçiligi dörediler. Bularyň birinjisinde
ulanyjylar 8 ýa-da 12 gigabaýt operatiw ýady 256 ornaşdyrylan ýat bilen bilelikde
saýlap dolandyryp bilerler. Ikinji görnüşiň aýratynlyklaryna laýyklykda bolsa,
ulanyjylar 16 gigabaýt operatiw ýada we 512 gigabaýt möçberindäki ornaşdyrylan
ýada eýe bolarlar.
Smartfonyň suratlaryndan görnüşi ýaly, aňyrsy görünýän keşpdäki telefonda
4 sany kameranyň giňişleýin ornaşdyrylmagy onuň oňaýly bolmagyny üpjün eder.
Smartfonyň surata düşürmek wezipelerindäki iň täsin aýratynlygy hem onuň
zatlary 120x derejede golaýladyp surata düşürip bilýänligidir.