Türkmenistanyň Içeri  Ministrliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugy
tarapyndan Foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiň
kadalarynyň bozulanlygy üçin Adminstratiw hukuk bozulma barada iş boýunça
ýörite Kararyň  asyl nusgasyny we Kanuna laýyklykda kesgitlenen jerime
tölegleriň ulagyň eýesiniň salgysyna “Türkmenpoçta” Poçta Aragatnaşyk
kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan tiz we wagtynda gowşurmak hyzmatyny
ýola goýulandygy  barada Türkmenistanyň Teleýaýlymlarynda berilýän bildirişde
aýdylyp geçilýär.
Bildirişde aýdylyşyna görä jerime töleglerini Aşgabat şäheriniň  we welaýat
merkezleriniň ähli poçta nokatlarynda we şahamçalarynda nagt we nägt däl
görnüşinde töleg geçirip bilinýär. Sürüjiler islese
tölegi https://www.turkmenpost.gov.tm/ saýtynyň üsti bilen onlaýn töläp biler,
şonda, tölegiň geçendigi barada SMS geler.