12-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren
işleriniň jemleri hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň
maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri girizildi.
Mejlisde goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy
mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görmek barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi
mynasybetli guraljak harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de
olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi.
Soňra prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol
çekdi.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy migrasiýa gullugynyň
işiniň guralyş derejesine nägilelik bildirip, gullugyň başlygyna duýduryş yglan etdi hem-de düzümiň üstüne ýüklenilen wezipeleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegini talap etdi.