Italýanlaryň “Ýuwentus” futbol topary öz resmi saýtynda fransuz
ýarymgoragçysy Bles Matuidiniň toparyny täzeleýändigini yglan etdi.
Turiniň bu meşhur topary resmi saýtynda bu habary: “Bles hemişe biziň
ýüreklerimizde ýaşar. Biz oňa geljekde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Minnetdar,
Bles!” – diýen sözler bilen getirýär.
Matuidi “Ýuwentus” toparyna 2017-nji ýylda fransuzlaryň “Pari Sen-
Žermen” toparyndan geçipdi. Şol wagt turinliler bu futbolçy üçin umumy
möçberde 20 million ýewro çykdajy edipdi. Geçen möwsümde fransuz
ýarymgoragçy “Ýuwentusyň” düzüminde ähli turnirler boýunça jemi 46 gezek
meýdança çykmak bilen, 1 gol we 2 ýardam pasyny bermek ýaly netije görkezmegi
başardy.
“Ýuwentusyň” düzüminde Bles Matuidi köpsanly ýeňişleri gazanyp, birnäçe
kuboklary we medallary eýeledi. Olar dogrusynda bellenende, Italiýanyň çempiony
(2017— 2018-nji, 2018—2019-njy, 2019—2020-nji ýyllaryň bassyr çempionlygy,
ýurduň kubogynyň ýeňijisi (2017—2018-nji möwsüm) we ýurduň naýbaşy
kubogynyň eýesi (2018-nji ýylda) ýaly uly derejedäki netijeler bar.
Golaýda ýetirilen habarlarda bellenilişine laýyklykda, Bles Matuidi
karýerasyny ABŞ-nyň MLS ligasynda çykyş edýän “Inter Maýami” futbol
toparynda dowam etmegi mümkin.
Matuidi “Ýuwentusdan” gider
