Dünýä meşhur “Apple” kompaniýasy özüniň ýakyn geljekde köpçülige
ýetirjek enjamlarynyň birnäçesiniň aýratynlyklary barada mälim etdi. Internet
sahypalarynda görkezilen fotosuratlaryndan belli bolşy ýaly, bu enjamlar has
täzeçe öwüşginde bolar. Olaryň iň esasysy hem “Iphone 12” smartfonydyr. Bu
enjamlar barada insaýder hem bolgger Jon Prosser öz resmi sahypasynda jikme-jik
habar berýär.
Jonuň habar bermegine görä, Iphone 12-niň görnüşleri-de, olaryň dizaýn
aýratynlyklary-da eýýäm doly ýagdaýda taýýarlanypdyr. Şonuň üçin hem
smartfonlar 4 görnüşde ýakynda, takmynan şu aýyň ahyryna köpçülige doly
tanyşdyrylar. Smartfonlaryň dördüsi-de biri-birine garanyňda ekranynyň razmeri
taýdan-da, kameralarynyň özboluşlylygy taýdan hem tapawutlanýar. Olaryň
ählisinde Apple A14 prosessory bolup, 5G modemli bolar.
Ýene-de Jon Prosseriň täzeliklerine salgylansak, onda Apple
kompaniýasynyň birnäçe önüminiň sentýabrda, Iphone 12 samrtfonunyň bolsa 12-
nji oktýabrdan 18-nji oktýabr aralygynda ulanyjylar köpçüligine ýetiriljekdigini
bilmek bolýar. Olaryň dördüsi hem OLED displeýde bolmak bilen diagonaly 5,4-
den 6,7 dýuým aralygynda, korpusy alýuminiden we polatdan döredilen görnüşde
bolar. Mundan başga-da, bellemeli zatlaryň biri, kompaniýa Iphone 12-niň dört
görnüşinden başga-da, 4G LTE modemli görnüşi öndürmegi meýilleşdirýär. Ol
bolsa 2021-nji ýylyň fewralynda köpçülige ýetiriler.