Ýerde ýöreýän transport ulaglarynyň içinde iň ýokary tizligiň rekordy
täzelendi. Ýokary tizlikli strimlaýner ulagynda bu rekordy goýmakda ulagyň
spidometrini 757 km/sag tizlige çenli ýetirmegi başardylar. Bu tejribe ýakynda
Demirgazyk Amerikanyň Bonnewil şorluk kölünde geçirildi. Bu indiden beýläk
ýer transportynyň ulaglarynyň arasynda iň ýokary görkezilen netijedir.
Aslynda, “Speed Demon” diýlip atlandyrylýan bu strimlaýner iň ýokary
tizlikde gidende 775 km/sag tizlikli netijäni görkezdi. Emma onuň götermeýän bu
uly tizligi ortaça hasap bilen ölçenip, 757 km/sag tizlik kabul edildi. Bu ulagy şeýle
derejä ýetirýän bolsa “Chevrolet” kompaniýasynyň 6 litrlik hereketlendirijisi bolup
durýar. Ulagyň motory ýokary gurluşda bolup, adatdakysyndan iki esse güýçli
turbo ulgamy bilen üpjün edilendir. Şonuň üçin hem ulagyň kuwwatlylygy 2500at
güýjüne barabardyr.
Bu transport serişdesiniň beýleki ulaglardan tapawutly esasy
aýratynlyklarynyň biri hem onuň nowasynyň uçar şekilli görnüşde bolmagydyr.
Şonuň üçin hem ulagyň piloty dar salonda däl-de, giňişleýin oturyp bilýär. “Speed
Demon” strimlaýneri üç okda ýerleşdirilen dört sany tigir esasynda dolandyrylýar.

Rejeptaganowa Bahar,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.