Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly
wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň düzüminiň işini döwrüň talabyna
laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu pudaklar boýunça kabul edilen döwlet
maksatnamalarynyň talabalaýyk durmuşa geçirilişine gözegçilik işleri
güýçlendirilmelidir.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow
2020-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça milli
ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4
göterim ýokarlandy.
Ýanwar — iýul aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, 2019-njy ýylyň degişli
döwrüne garanyňda, 19,3 göterim artdy. Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet
býujetiniň girdeji bölegi 108,6 göterim, çykdajy bölegi 94,2 göterim ýerine
ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň
degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar,
döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Oba milli
maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň
we desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Döwlet Baştutany pudaklary ösdürmek meýilnamalary boýunça döwlet
maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýeterlik derejede gözegçilik
edilmeýändigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň işine nägilelik bildirdi
