Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Oýsulton Nazarbaýew golaýda Londan şäherinde aradan çykdy. Bu barada goňşy döwletiň KHBS-inde habar berilýär.
Deslapky maglumatlara görä, Oýsulton ýüreginiň togtamagy netijesinde aradan çykypdyr. Ölüm sebäpleri bolsa häli anyk däl. Ýöne tiz wagtdan netijeler mälim ediler.
Maglumat hökmünde bellesek, Oýsulton Nazarbaýew 1990-njy ýylyň 26-njy awgustynda birinji prezidentiň gyzy Dariga Nazarbaýewa we Rahat Aliýewleriň maşgalasynda doglan.