Rus alymlary tarapyndan döredilen köp zähmetiň rehneti hasaplanýan koronawirus waksinasynyň näçeräk bahada boljakdygy hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek?! Bu barada “R-Farm”-yň ýolbaşçysy Alekseý Repik maglumat berýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, waksinanyň 2 dozasynyň bahasy 10 dollar bolar. Wagtyň geçmegi bilen nyrhlaryň peselmegi hem mümkin. Bu ýagdaý bolsa diňe waksinanyň öndürilişiniň doly derejede ýola goýulmagy bilen gazanyljakdygy bildirildi.
Esasy belläp geçmeli zatlaryň biri bu waksinanyň eksport bahasy bolup, russiýalylar ony mugt alyp bilerler.
Russiýada döredilen waksinanyň takmyny bahasy mälim edildi
