Barselonanyň prezidenti Josep Mariýa Bartomeu Gollandiýaly Ronald Kumany katalon futbol klubunyň baş tälimçisi edip bellemek isleýändigini aýtdy. Bu barada Ispaniýanyň Marça neşirine salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi. Üýtgeşik bir ýagdaý ýüze çykmasa, Kuman Barselonanyň tälimçisi bolar. Onuň nähili işleýändigini, pelsepesini we tejribesini gowy bilýäris. Biz oňa bil baglaýarys. Ýanwar aýynda topara ilkinji bolup Kuman çagyrylypdy. Bu – onuň üçin arzuw" diýip, Ispaniýanyň habar beriş serişdeleri Prezidentiň sözlerini getirýär. Şeýle hem häzirki wagtda Gollandiýanyň milli ýygyndysyna üstünlikli ýolbaşçylyk edýän Kuman bilen şertnamanyň möhletinden öň ýatyrylmagy üçin Barselonanyň Niderland Korollyk Futbol Bileleşigine (KNVB) bäş million ýewro tölemeli boljakdygy habar berildi. Duşenbe güni klub baş tälimçi Kike Setýeniň işinden aýrylandygyny habar berdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda Bawariýadan 2-8 hasabynda utuldy we 1946-njy ýyldan bäri ilkinji gezek öz derwezesine bir oýunda sekiz pökgi geçirdi.
Barselona Ronald Kumany baş tälimçi edip belledi
