Meşhur amerikan aktýory Kianu Riwz “Matrisa 4” filminiň surata düşürilişiniň dowam etdiriljekdigi aýtdy. Häzirlikçe 3 tapgyry tomaşaçylar köpçüligine ýetirilen, köpleriň söýgüsine eýe bolan “Matrisa” kinofilminiň dördünji tapgyry hem “COVID-19” pandemiýasy zerarly togtadylmasyndan soňra surata düşürilmek bilen dowam etdiriler. Bu barada Kianu Riwz özüniň Berlinde “AP Entertainment” neşirine beren gysgaça interwýusynda belläp geçdi. Neonyň roluny ýerine ýetirjek hünärmenler özleriniň gaýtadan filmiň işine girişýändiklerini buýsançly belleýärler. Şeýle-de ol surata düşüriş meýdançasynda howpsuz iş alyp barmaga ýardam eden, mümkinçilikleriň täze görnüşlerini hödürlän prodýuserlere minnetdarlygyny bildirýär. Riwz bu metodlaryň örän täsirli
hem-de döredijilikli bolýandygyny belläp geçýär. Bu kinofilmiň tomaşaçylar köpçüligine ýetiriljek senesi arakesmeden soň, has takygy 2022-nji ýylyň 1-nji apreli diýlip maglumat berilýär. Mundan başga-da, täze filmde Morfeusyň rolyny ýerine ýetiren Lowrens Fişborn çykyş etmez.
“Matrisa 4” dowam eder
