ABŞ demokratlary 18-nji awgust güni Jo Baýdeni resmi görnüşde özleriniň
prezidentlige dalaşgäri hökmünde yglan etdi.
Demokratlaryň koronawirus pandemiýasy sebäpli onlaýn görnüşde geçirilen
ses berişliginde 50 ştat we 7 sebitdäki partiýa agzalary Jo Baýdeni özleriniň
dalaşgäri bolmagyny makulladylar. Indi Baýden noýabrda bolup geçmegi
meýilleşdirilýän saýlawlarda häzirki prezident Donald Tramp bilen göreşer.
Baýden özüniň göni ýaýlymdaky ýüztutmasynda şeýle diýdi: “Men tüýs
ýüregimden minnetdarlyk bildirýän. Siziň ynamyňyz maňa we meniň maşgalama
bir äleme deň şatlyk bagyşladyňyz!”.
Häzirki wagtda prezident Donald Tramp tanymal syýasatçylar tarapyndan
gaty tankytlanýar. Meselem, ABŞ-nyň öňki prezidentleriniň biri Bil Klinton
Trampyň hökümeti häzirki milli çökgünligiň döwründe gerekli işleri amala
aşyrmagyň ýerine nirededir bir ýerde bitertiplikler bilen başagaýlygyny aýdýar.
ABŞ-nyň öňki birinji hanymy Mişel Obama hem Trampa tankytlar
ýagmyryny ýagdyrdy we amerikalylary 3-nji noýabrdaky saýlawlarda Baýdeni
gollamaga çagyrdy. Onuň sözlerine görä, Tramp prezidentlik üçin gerek bolan
häsiýete we ussatlyga eýe däl.