Ftorid-ion batareýalary häzirde bar bolan litium-ion batareýalaryndan netijeli
bolmagy mümkin.
Kiota uniwersitetiniň barlagçylar topary Toyota hünärmenleri bilen bilelikde
elektromobiller üçin täze nesil batareýalaryny synagdan geçirmegi başladylar. Täze
batereýalarda bar bolan Litium-ion batareýalara garanda birlik agyrlygyna görä 7
esse köp çykarmagy mümkin bolar.
Nikkei Asian Review tarapyndan habar berilmegine görä, taslamany Kiota
uniwersitetiniň professory ýosiharu Uçimoto ýolbaşçylyk edýär. Bulardan öň ftor,
mis, we kobalt anodlary we esasan lantumdan taýýarlanan katoddan peýdalanylýan
batareýa prototipini işläp çykypdy.
Täze batareýada gaty elektrolit suwuk batareýa ornuna ulanyldy. Bu bolsa
batareýanyň ýanyp gitmeginiň ähtimallygynyň öňüni alýar. Bu bolsa batareýa
sowadyş ulgamynyň gerek däldigini aňladýar. Göwrümi boýunça litiý-ion bilen
birmeňzeş bolan ftorid-ion batareýalarynyň ätiýajynyň azyndan 1000 km
bolmagyna garaşýarlar.
Ftorid-ionly batareýalaryň peýdalanmaga tabşyrylyş möhleti dogrusynda
maglumat ýok we bu prototiplerde täze görnüşdäki köpçülikleýin batareýalara
geçiş ýoly on ýyl dowam etmegi mümkinligi hakynda aýdylýar. Täze
batareýalaryň bahasy häli olary öndürijiler tarapyndan yglan edilmedi.