«Zenit» soňky oýnunda Russiýanyň premýer ligasynda SSKA-ny 2:1 hasabynda utdy. Duşuşykda topara ýeňiş getiren 2 goly hem türkmen gelip çykyşly eýranly oýunçy Serdar Azmun tora gönükdirdi. Russiýanyň milli çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň degişli duşuşygyndan soň duşuşygyň gahrymany bolan hüjümçi ýerli «RBK» saýtynyň habarçysynyň birnäçe sowallaryna jogap berdi. Şol söhbetdeşligi size ýetirýäris:
–Serdar, ýeňşiňiz we dublyňyz bilen gutlaýarys. Bize görnüşine görä şu günki duşuşyk çylşyrymly we dartgynly boldy. Aslynda-da şeýle boldumy?
–Esasy zat biz ýeňiş gazandyk, 3 utuk gazandyk. Biz muňa mynasyp boldukmykak diýýän. Elbetde, bu agyr düşdi. Sebäbi derbi hemişe şeýle oýnalýar.
–Duşuşykda garşydaşdan garaşylmadyk hereketler boldumy?
–Bu topar hemişe guramaçylykly hereket edýär. SSKA-nyň örän gowy tälimçisi, saýlama oýunçylary bar. Olardan utuk almak hemişe çylşyrymly. Biz hem şoňa görä netije çykarmaga, öwrenmäge, ýeňşiň ýollaryny tapmaga çalyşýarys.
–Bassyr birnäçe tapgyr myhmançylykdaky duşuşyklardan soň «Gazprom Arena» dolanmaga nähili garaýarsyňyz?
–Biziň janköýerlerimiz — biziň 12-nji oýunçymyz. Olar hiç haçan bizi taşlamadylar, hemişe goldadylar we goldamagy dowam edýärler. Munuň üçin sag bolsunlar! Mundan beýläk hem şeýle bolsun! Bu bize uly kömek edýär.
–Häzirki duşuşyklaryň aralygynda indiki duşuşyklara güýç toplap ýetişýäňizmi?
–Munuň aňsat däldigi aýan. Ýöne biz professional türgenler. Biz her deslapky duşuşyga doly taýýar bolmak üçin ähli mümkin bolan zatlary edýäris.
–Siziň başky üç tapgyrda şonça goluňyz bar. Bu maýdalyňyzy dowam etmegi we çempionatyň iň gowy golçusy bolmagy maksat edinýäňizmi?
–Biziň baş arzuwymyz toparyň bu möwsüm-de çempion bolmagy. Şahsy üstünlikleri ondan soňa goýýaryn.
SSKA-ny ýeňensoň Sergeý Semagyň topary Tinkof RPL-de 9 utuk gazanmak bilen 1-nji orna geçdi.
22-nji awgustda «Zenit» «Tambowy» kabul eder.
Taýýarlan Gurban BABAGULYÝEW.